28.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Türkmenistan däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Belarus Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanjakdygyna, döwletara gatnaşyklarymyzyň bolsa hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we Belarus Respublikasynyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.