19.02.2024
18-nji fewralda Türkmenistanda hünär baýramy — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli ýurduň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerine Gutlag haty bilen ýüzlendi. Gutlag hatynda esasan şeýle bellenilýär:
«Türkmen diplomatiýasy şu ýyllaryň içinde işgärler we iş alyp barmak babatda berkedi. Bu ugurda baý tejribe we bilim toplady, iş usullaryny, endiklerini kämilleşdirdi. Häzirki wagtda diplomatik gullugymyz döwlet gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, Türkmenistanyň parahatçylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmekde, içerki ösüş, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretmekde, iri möçberli syýasy, ykdysady, ekologik, azyk we köp sanly beýleki meseleleri çözmekde örän möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň döredilmeginde we berkidilmeginde, onuň mümkinçilikleriniň açylmagynda, geografiýasynyň hem-de iş ugurlarynyň giňeldilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly hyzmatlarynyň bardygy gürrüňsizdir. Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil başlangyçlary häzirki zaman halkara gün tertibini diňe bir möhüm oý-pikirler we täze garaýyşlar bilen baýlaşdyrmak bilen çäklenmedi. Bu başlangyçlar türkmen diplomatiýasyna hyzmatdaşlyk etmekde döredijilikli, netijeli çemeleşmeleri durmuşa geçirmek, möhüm ugurlar boýunça ynanyşykly gatnaşyklardyr gepleşikler üçin köptaraplaýyn ählumumy we sebit binýatlaryny kemala getirmekde goşmaça gurallarydyr usullary döretdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýä işlerine diplomatik taýdan gatnaşmagynyň giňeldilmegi, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we berkidilmegi boýunça wajyp çözgütler kabul edildi. Şu döwürde biziň ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň sany iki esse diýen ýaly köpeldi.
Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň uzak möhletleýin geljegini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderliligini üpjün etmek barada alada edip, doly derejeli halkara diplomatik mekdebi emele getirmek maksady bilen, Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary okuw mekdebi biziň daşary syýasat gullugymyz üçin hünärmenleri taýýarlamakda esasy merkez bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan Daşary işler ministrliginiň we daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik edaralarynyň doly derejede iş alyp barmagyny üpjün etmek üçin maliýe, maddy-tehniki hem-de beýleki meseleler yzygiderli esasda çözülýär. Olaryň işiniň guramaçylyk-hukuk we beýleki ugurlaryna uly üns berilýär. Bu iş hemişe döwletimiziň üns merkezinde bolar».
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, adatça bolşy ýaly, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda baýramçylyga bagyşlanan dabaraly maslahat geçirilýär. Bu çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, diplomatik wekilhanalarynyň we Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşýar.