27.03.2025
Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, 26-njy martda welaýatlarda gowaça ekişi möwsüminde öňde durýan wezipelere bagyşlanan geňeş-maslahatlar geçirilip, özara pikir we tejribe alşyldy. Soňra degişli önümçilik kärhanalaryna, bilim we medeni ojaklara baryp görüldi.
Welaýatlarda gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli ýörite sergiler, aýdym-sazly dabaralar hem guraldy.
Gowaça ekişine Ahal welaýatynda Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ýerlerinde, Balkan welaýatynda Gyzylarbat etrabyndaky ýerlerde, Daşoguz welaýatynda Şabat etrabynyň Biruny adyndaky daýhan birleşiginiň, Lebap welaýatynda Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň, Mary welaýatynda Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda badalga berildi. Dabaralarda il sylagly ýaşulular «Bismilla» bilen gowaça ekişine başlap berdiler.