HHR-niň Başlygy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny belledi

27.03.2025

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berdi. Gutlag hatynda şeýle bellenilýär:

«Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek hormatyna eýedirin. Pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Size, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklary durnukly ösüş häsiýetine eýe bolup, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerindäki özara hereketlerimiz yzygiderli ilerledilýär, dürli ulgamlardaky gatnaşyklarymyz çuňlaşdyrylýar. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärin we Hytaý bilen Türkmenistanyň «Bitewi ykbal bileleşiginiň» döredilmegini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin Siziň bilen ähli ulgamlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge taýýardyryn».

Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderine gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle bellenilýär: «Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň 2023-nji ýylyň oktýabrynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda Hytaýyň we Türkmenistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdyk, şeýle hem dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdyk we özara düşünişmegi gazandyk. Ylalaşyklarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzyň oňyn netijelere getirýändigini bellemek ýakymlydyr.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, halklarymyzyň arasyndaky ýakyn dostluga ýokary baha berýärin hem-de hyzmatdaşlygymyzy ähli ulgamlarda pugtalandyrmak üçin bilelikde tagalla etmäge, Hytaýyň we Türkmenistanyň arasynda «Bitewi ykbal bileleşiginiň» döredilmegine täze itergi bermäge taýýardyryn».