Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasy kabul etdi

28.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda ÝB-niň ýokary wekili özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ÝB-de ýokary baha berilýändigini aýtdy. Myhman Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny hem belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasy mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşjakdygyny aýtdy we bu duşuşygyň netijeleriniň Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, geçirjek duşuşyklarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi.

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlyk barada hem aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçilikleri göz öňünde tutulanda, ÝB bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebit üçin möhüm ähmiýeti bar.

Söhbetdeşler Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» ilkinji sammitiniň geçiriljekdigini belläp, onuň iki sebitiň arasyndaky köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde ÝB bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sebitiň döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistanyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa kontinentiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, türkmen döwletiniň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.