28.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalar, medeni-dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem bu ýerde täze şäheriň Çagalar seýilgähiniň şekil taslamalary, seýilgähde ýerleşdiriljek oýun-güýmenje toplumlarynyň görnüşleri we olaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi.
Çagalar seýilgähiniň bezeg aýratynlyklaryna we onuň oýun-güýmenje toplumynyň enjamlaşdyrylyşyna birnäçe bellikleri aýdyp, Gahryman Arkadag bu işleriň häzirki döwrüň ruhuna we halkyň milli ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän amfiteatryň görnüşleri, ony abadanlaşdyrmagyň ugurlary barada-da hasabat berildi. Gahryman Arkadag amfiteatryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, onda millilige möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurduň agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalaryň milli neçjarçylyk däplerine esaslanýan usullarynyň netijeli peýdalanylmalydygy barada aýdyldy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň germewleriniň bezeg işleri barada aýdyp, Gahryman Arkadag onuň göze gelüwlilik babatda bolşy ýaly, her bir şekiliň ölçeg babatda dürslügine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, 29-njy martda bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabatlar diňlendi.