Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

29.03.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa şu gün «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin myhmana hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Russiýanyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Inna Swýatenko, öz gezeginde, ajaýyp Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň saglygyny goramagyň we ynsanperwerlik maksatlaryna gönükdirilen işleri ýerine ýetirmegiň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Gazna tarapyndan häzirki wagta çenli amala aşyrylan işleriň çagalaryň sazlaşykly ösmegine, jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam berýändigi aýdyldy.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilýändigine üns çekildi. Hususan-da, gaznanyň hasabyna Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik kömeginiň iberilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Inna Swýatenko bu gaznanyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan gaznanyň alyp barýan işleri barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.