Ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy maslahatlaşyldy

01.04.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda ähli ugurlarda alnyp barylýan işleriň takyk düzülen meýilnama esasynda ýerine ýetirilmelidigini we olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, her bir ýolbaşçynyň gözegçilik edýän düzümlerinde amala aşyrylýan taslamalaryň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda halkara derejeli giň möçberli maslahatlaryň geçiriljekdigini nazara alyp, degişli tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ýol-ulag düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, soňra Gahryman Arkadagyň garamagyna Hazaryň kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek we bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary hödürlenildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde deňziň kenaryndaky ajaýyp künjekde halkara çäreleri geçirmek boýunça meýilleşdirilýän binalar toplumynyň ýerleşjek ýerleriniň teklip edilýän meýilnamasy, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, onuň girelgesi, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berildi. Toplumda halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny hem geçirdi. Onuň barşynda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, halkara forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, forumyň işine dünýä dillerini kämil bilýän ýaşlary çekmek, halkara çäräniň çäklerinde guraljak söwda we hyzmatlar medeniýeti, bu babatda meýilleşdirilýän çäreler, myhmanlara ulag we aragatnaşyk babatda hödürlenjek hyzmatlar, forumyň geçirilýän günlerinde tertip-düzgüniň berjaý edilmegi bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.