Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň gurluşygy bilen tanyşdy

01.04.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde sport awtoulagynda Garabogazköl aýlagyna tarap ugur alyp, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine bardy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bu ýerde Gahryman Arkadagyň garamagyna Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň germewleriniň we halkara ähmiýetli desganyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşlerini öz içine alýan şekil taslamalary görkezildi. Ýurduň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek köpriniň gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen bu desganyň halkara ähmiýete eýedigini aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda ähmiýeti bolan bu desganyň gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şeýle-de täze desganyň kuwwatyna wajyp ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady.

Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurduň ulag-logistika pudagynyň işini ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, Gahryman Arkadag öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.