01.04.2025
Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem hasabatlar berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.
Gahryman Arkadag halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer çärelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy halkara foruma gatnaşjak media düzümleriniň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinýän halkara forumyň hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyny aýtdy.