02.04.2025
Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda ileri tutulýan hem-de okgunly häsiýete eýe bolan köpugurly gatnaşyklar barada belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde öňe ilerletmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ugruna hem degip geçdiler. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçiriljek uly gerimli halkara çäreler hakynda E.Şoniýa gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly döwletde geçirilýän halkara çärelerini halk köpçüligine ýetirmek, dokumental filmleriň we wideorolikleriň görkezilişini guramak ýaly işlerde iki ýurduň hem KHBS-leriniň işjeň gatnaşmagynyň wajypdygy bellenildi.
Taraplar iki ýurduň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmekligiň berkemegine, medeni ugurlarda tejribe alyşmaklyga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.