03.04.2025
Soňky ýyllarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň üstüni täze uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, döwrebap howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Gysga döwrüň içinde Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde, Aşgabatda ýokary derejede enjamlaşdyrylan, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän Halkara howa menzilleri işe girizildi. Bu barada TDH habar berdi.
Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanmaga berlendigine köp wagtyň geçmändigine garamazdan, Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.
Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşen Türkmenistan sebitiň hem-de yklymyň döwletleriniň arasynda ulag-logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegine jogapkärçilikli çemeleşýär, milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyryp, öz halkara üstaşyr ulag kuwwatyny yzygiderli artdyrýar.