Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistana sapar bilen bardy

06.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin, Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň Parlamentleriniň wekilleri gatnaşýarlar.