Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

10.04.2025

Тürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, ilki bilen, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bu tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyk işlerine ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli we daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň 5-si işleýär.

D.Orazow hasabatynyň çäklerinde Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga hem-de ol ýurtlarda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň enjamlaşdyrylmagyna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar bilen ylalaşyklary degişli resminamalar arkaly berkitmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, halkara maliýe guramalarynyň Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary yzygiderli artýar. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän tebigy çeşmelerden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenilen taslamalara Grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Arkadag şäherinde guruljak döwrebap awtomenziliň we täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna Grant goldawy görnüşinde maliýe serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi barada hem hasabat berildi.

Gahryman Arkadag ýurtda kabul edilen şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, gurluşyk we bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýin bolmagyna zerur üns bermegi tabşyrdy.

Binalaryň gurluşygynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň we ugurdaş düzümlere degişli desgalar bilen sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň häzirki zaman talaplaryna we dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadag bu babatda özüniň birnäçe maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ikinji tapgyrda önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de ol hasabatynyň çäklerinde Monako Knýazlygynda iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn şäherara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ähli meýilleşdirilen halkara çäreleriň, toý dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belläp, bu babatda kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.