22.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna amala aşyrýan dostlukly saparynyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen bile ýurduň «Etnoaul» milli-medeni toplumyna baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi gazak milli döredijilik topary mähirli garşylady. Milli-medeni toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrdy.
«Etnoaul» milli-medeni toplum «Kazanat» aýlawynyň çäginde 2500 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumyň ähli ekspozisiýasy 30 sany ak öýde ýerleşdirilip, bu ýere gelýänleri gazak halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. Aýlawda adaty atly sport çäreleri bilen birlikde gadymy çarwadarlaryň milli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär.
Şeýle hem «Etnoaulda» saz we teatr sungatynyň festiwallary, suratkeşleriň we amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklary, senetçilik we çeperçilik sergileri, köp sanly beýleki medeni çäreler geçirilýär. Toplum «Hazret Sultan» milli muzeý-goraghanasynyň düzümine girip, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähiniň ýakynynda ýerleşýär.
«Etnoaul» milli-medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew «Turkistan Visit Centre» syýahatçylyk maglumat merkezine ugradylar. Ýol ugrunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany ýadygärlik surata düşdüler.
Syýahatçylyk maglumat merkezinde Gahryman Arkadag we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa etdiler hem-de taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar.