22.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle-de gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatlarda pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Häkimler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada-da hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we öz wagtynda tamamlamak, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we häkimlere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurduň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ekinlerden bol hasyl almaga ýardam berýändigini belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, galla oragyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatlarda medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda-da degişli görkezmeleri berdi.