24.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurduň raýatlarynyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda:
— Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň tälimçisi Rejepdurdy Nursähedowiç Garagulowa;
— Balkan welaýatyndan hususy atşynas Täçmyrat Tekäýewe;
— «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Daşoguz döwlet athanasynyň atbakary Teçdurdy Täjibaýewiç Halbaýewe;
— «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň çapyksuwary Gaýgysyz Baýramgeldiýewiç Handurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.