Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi

25.04.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Özbegistanda saparda bolýar. Şu gün Samarkant şäherindäki «Silk Road Samarkand» toplumynyň Kongress merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikler dar we wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümlerde bolup geçdi diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çalt ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ähli derejelerde netijeli gepleşikler geçirilýär. Hususan-da, Hökümetara toparyň, Işewürler geňeşiniň mejlisleri, Sebitleýin forumlar, özara Medeniýet günleri we beýleki çäreler yzygiderli guralýar. Geçen ýyl özara söwda dolanyşygynyň mukdary 1,1 milliard amerikan dollara deň boldy. Paýtagtlarda söwda öýleri açylýar we ýük dolanyşygynyň mukdary köpelýär. Esasy maksat ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny 2 milliard amerikan dollara ýetirmekden ybarat.

Energetika, ulag, oba hojalygy we suw dolandyryşy hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Bilelikde «Daşoguz — Şabat» serhetýaka söwda zolagy döredilýär.

Işjeň sebitara gepleşikler döredildi we medeni-ynsanperwer alyş-çalyş üçin giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Hywa şäherinde Üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny hem-de Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Söhbetdeşler sebitleýin hyzmatdaşlyga degişli meseleler, şol sanda «Merkezi Aziýa +» görnüşindäki ýakyn wagtda geçiriljek sammitler we Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek forumyň we beýleki halkara çäreleriniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Hakyda göwheri» atly kitabyň özbek dilindäki neşirini sowgat etdi.