Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy

25.04.2025

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Özbegistanyň döwlet Baştutany sylagy gowşuryp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren beýik hyzmatlaryny aýratyn belläp geçdi.

– Doganlyk Türkmenistanyň ähli uly üstünlikleri, giň möçberli özgertmeleri we halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagy siziň adyňyz bilen berk baglanyşyklydyr – diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapandygy aýratyn bellenildi.

Özbek Lideri Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda ýokary derejä ýetendigini, bu gatnaşyklaryň nusgalyk häsiýete eýedigini nygtady.

– Hut siziň goldawyňyz bilen 2017-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady döredildi – diýip, Şawkat Mirziýoýew belledi.

Mundan başga-da, iki ýurduň parlamentleriniň, hökümetleriniň, sebitleriniň, işewürleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik işgärleriniň we ýaşlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem ýokary baha berildi. Geçen ýyl Aşgabatda hem-de Daşkentde Magtymgulynyň eserleriniň özbek dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyşynyň geçirilendigi, Aşgabatdaky halkara kinofestiwalda türkmen-özbek bilelikdäki çeper filminiň ilkinji görkezilişiniň bolandygy aýratyn bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylmagy köp milletli özbek halkynyň görnükli döwlet ýolbaşçysy, häzirki zaman Türkmenistanyň Milli Lideri we döwletiň ösüş strategiýasynyň arhitektory hökmünde çuňňur hormat-sarpasynyň nyşanydyr diýlip, Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.