Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary, düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklandy

26.04.2025

Türkmenistanda senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Resminama «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda senagat howpsuzlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Ol «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde we kämilleşdirmekde senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajyp bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak, senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek we önümçilik barlagyny guramak maksady bilen, degişli resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe tabşyryklary berdi.