Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görülýär

26.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti nobatdaky Hökümet mejlisinde ýurtda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň ýaş nesillerde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýeleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer B.Orazdurdyýewa uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken enelere 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyny tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nesilleriň parahat durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçekler hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar. Bu şanly sene mynasybetli gazaply uruş döwrüniň gahrymançylykly wakalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna, ýurduň welaýatlaryndaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere, şeýle hem edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.