28.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji aprelde Arkadag şäherinde, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edeninden soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini, şeýle-de pälwanlaryň tutluşyklaryny synlady.
Soňra döwlet Baştutany baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi. Bu ýerde jemi 7 sany at çapyşygy geçirildi.
At çapyşyklarynyň jemleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp haly sowgat berildi.