29.04.2025
Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-niň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Pur Mohammadini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, myhman duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Eýranyň Bender Abbas şäherindäki Şehit Rejaýi portunda bolup geçen partlama zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
Döwlet Baştutany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Seýed Hamid Pur Mohammadiniň şu saparynyň netijeleriniň iki goňşy ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we bu babatda bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyny möhüm gural hökmünde has netijeli ulanmagyň zerurdygyny bellediler.
«Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýany dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetiki taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Bu işler ilatymyzyň we daşky gurşawyň aýratynlyklaryny hem-de howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň özara gatnaşyklary ilerletmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.