03.05.2025
Habar berşimiz ýaly, Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde guraljak parlamentara foruma taýýarlyk görlüşi barada hem aýtdy.
Bu forumyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn tejribesini, halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş toparynyň döredilendigi hem aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara maslahata we parlamentara foruma gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny belledi. Bu barada TDH ýazýar.