15.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýandygy, ýokary derejede yzygiderli guralýan saparlaryň bu gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň dekabr aýynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi we saparyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde «PETRONAS» kompaniýasynyň orny aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşler ýangyç-energetika pudagyny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellediler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «PETRONAS» kompaniýasynyň 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandygyny, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýandygyny belläp, türkmen döwletiniň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
«PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bildirilen ýokary ynam üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyny belledi.