16.05.2025
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegine, halkyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalary we toplumlaýyn özgertmelery bilen tanyşdyryldy.
Diplomat Mejlisiň düzümi we ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen hem tanyşdyryldy. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.
Ilçi dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.