27.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Häkimler welaýatlarda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirildi. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar galla oragy möwsümine taýýar edildi.
Gowaça ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär.
Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda şaly ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalyk önümçiligini durnukly ösdürmäge we netijede ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de welaýatlarda bu jogapkärli möwsüme gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belläp, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça zyýan berijileriň öňüni almak boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda döwlete pile tabşyrmagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini gazanmagyň, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işleriniň alnyp barlyşynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini nygtap, Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatlarda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.