Türkmen diplomaty Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy

09.03.2024

Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň RF-iň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga daşary ýurtlaryň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň, Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň, Musulmanlaryň din işleri boýunça müdirliginiň, şeýle hem beýleki dini birleşikleriň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede Strategik garaýyş toparynyň 2023 ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Kazan şäherinde “KazanForum2024” XV Halkara ykdysady forumyň çäklerinde geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: adalatly köpgaraýyşly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş” atly ýörite çäresine aýratyn üns berildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden çärä Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko gatnaşdy.

“Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Nurgaliýewiçiň ýobaşçylygyndaky Strategik garaýyş topary Russiýa bilen YHG-nyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýär. Ol Russiýa bilen yslam dünýäsiniň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly bolup durýar. Aslyýetinde, dinleriň arasyndaky dialogyň bu özboluşly meýdançasy esasy ahlak gymmatlyklaryny goramaga, şeýle hem rus prawoslaw ybadathanasy bilen musulman guramalarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Maý aýynyň ortalarynda Kazanda “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” atly nobatdaky halkara ykdysady forum geçer. Onuň jemleri söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygymyza goşmaça itergi berer. Tatarystanyň myhmansöýer paýtagtynda siziň ýurtlaryňyzyň wekiliýetlerini görmäge şat bolardyk” diýip, Andreý Rudenko aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumynyň guramaçylyk toparynyň Başlygy Marat Husnullin duşuşyga gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesinde “Häzirki wagtda Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklar hyzmatdaşlyk gatnaşyklary derejesine çykaryldy. Yslam ýurtlarynyň Russiýanyň däp bolan ruhy-ahlak gymmatlyklary goramaga gönükdirilen syýasatyny goldamaklaryna biz aýratyn ýokary baha berýäris. Mundan başga-da, biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň barha giň gerim alýandygyny ynamly aýdyp bolar. Muňa Russiýa bilen YHG döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň artmagy hem şaýatlyk edýär. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagy köp babatda bilelikdäki çäreleriň, şol sanda “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumyň geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Bu forum Russiýa bilen Yslam ýurtlarynyň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin netijeli çäre hökmünde özüni görkezdi” diýip belledi.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa-Yslam dünýäsi” Strategik garaýyş toparynyň başlygy Rustam Minnihanow ilçiler bilen duşuşykda Russiýanyň Daşary işler ministrliginde şeýle formatdaky duşuşyklaryň eýýäm däp bolandygyny nygtady.