16.09.2025
15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletiň durmuşyndaky ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çäre Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek çäklerinde guraldy.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan döwlet syýasatyny doly goldaýandyklaryny beýan etdiler. Aragatnaşyk ulgamynyň wekilleri Türkmenistanyň innowasion ykdysady ösüş esasynda täze sanly çözgütleriň we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýändigini bellediler.
«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurduň durmuşyndaky orny döwlet we milli ähmiýetli köpugurly beýik işleriň ugruny kesgitlemekde örän uludyr» — diýip, aragatnaşyk ulgamynyň hünärmenleri nygtadylar.
Maslahatda türkmen halkynyň Garaşsyzlyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýandygy hem aýratyn bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.