20.09.2025
Türkmenistanda häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şeýle-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Halkara pediatriýa, Stomatologiýa merkezleriniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. "Arçman" şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.
"Ýakyn wagtda biz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şeýle-de döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň dowam edýändigi barada aýdyldy. Ýakyn wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga beriljekdigi bellenildi.