23.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşýar.
Ýokary derejedäki foruma gatnaşmak üçin türkmen döwletiniň Baştutany Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine bardy.
Nýu-Ýorkuň Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem-de ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli bu guramanyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär..