Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bag ekmek çäresini geçirdi

18.03.2024

Nowruz baýramyň öňüsyrasynda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy ilçihananyň çäginde agaçlary we gülleri oturtmak üçin giň gerimli ekologiýa çäresi geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 16-njy martda ýurtda ählihalk bag ekmek çäresine gabat geldi.

Şeýle hem bu dabara daşky gurşawy goramak we abadanlaşdyryş işlerine aýratyn üns beren azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň hatyrasyna bagyşlandy.

Bag ekmek çäresiniň dowamynda Geýdar Aliýewiň adyny göterýän bagyň döredilmegi üçin ýörite taýýarlanan meýdançada gollandiýaly gülleriň 20-si, Türkiýeden getirilen hemişe gök öwüsýän agaçlaryň 60-a golaýy ekildi.

Ynsanperwer, watançy we ilhalar şahsyýet hökmünde sarpasy belentde tutulýan Geýdar Aliýewiň Aşgabatda ýaşyl baglaryň gözellegi bilen ýatlamagy arzuw edildi.

Ýeri gelende bellesek, 2010-njy ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Abraýly adamlaryň durmuşy» ýygyndysyna degişli «Geýdar Aliýew» kitaby türkmen dilinde neşir edildi.