Türkmenistanda howa +34 gradusa çenli maýyl bolar

13.10.2025

Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +13 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +26 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +21... +26 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23...+28 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl bolar.