Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

25.10.2025

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy.

TDH-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde türkmen döwletiniň Baştutanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

“Kwirinale” köşgüniň howlusynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady.

Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edensoň, iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.

Soňra Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň nyzama düzülendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpaladylar.

Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde köşgüň içine girdiler we iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşlykdan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde resmi surata düşdüler.

Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparlaryny we onuň dowamynda Serjio Mattarella bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadaga iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi.

— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.