05.11.2025
Türkmenistandan halkara derejesindäki abraýly «First Global Challenge 2025» bäsleşigine gatnaşan «Oguzrobot» okuwçylar topary robot tehnikasy boýunça Skills Challenge (Başarnykly synag) ugry boýunça birinji orna mynasyp boldy. Bu bäsleşik Panamada geçirildi.
Bu ugur boýunça ikinji orny Ermenistandan gelen topar, üçünji orny bolsa Hytaýyň ýaş robot tehnikler topary eýelediler — diýip, ussatnews.com saýty habar berýär.
29-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli geçirilen we «Robotlar olimpiadasy» diýlip atlandyrylýan bu ýaryş dünýäniň 190 ýurdunyň ýaşlaryny bir ýere jemledi.
Türkmenistanly «Oguzrobot» toparynyň düzümine Aşgabatdaky daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary — Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet we Orazgeldiýew Gurbangeldi dagy girýär. Topara Arkadag şäherindäki 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynyň tejribeli mugallymy Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär.
«First Global Challenge» — Olimpiýa oýunlarynyň görnüşinde geçirilýän halkara robot tehnikasy boýunça ýaryşydyr. Bu ýylyň temasy ekoulgamlaryň deňagramlylygyna we ýaşlaryň daşky gurşawy goramak boýunça çözgütlerine bagyşlandy.
Ozal biz Türkmenistanyň okuwçylar toparynyň Panamada geçiriljek «Robotlar olimpiadasyna» gatnaşjakdygy barada habar beripdik.