06.11.2025
Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. Düýn Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda ozal gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany hasaba almak bilen, sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanmanyň bardygy aýratyn bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Taraplar Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda geljegi uly bolan we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen teklipler öňe sürüldi.
Saparyň çäklerinde Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär.