21.03.2024
20-nji martda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda ilçi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Medeniýet ministri hanym Raluca Turkanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşygyň maksady geljekde medeniýet pudagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň başynda bilelikdäki çäreler üçin oňat esas bolan medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky häzirki ikitaraplaýyn şertnamanyň ähmiýeti, şeýle hem şu ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän dürli halkara çärelerine rumyn wekiliýetleriniň gatnaşmagy meselesine seredip geçildi.
Ministr rumyn tarapynyň türkmen tarapy bilen medeni gatnaşyklaryndaky gyzyklanmasyny we medeni alyş-çalyş, özara çärelere gatnaşmak, şeýle hem türkmen muzeýleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak islegini we gyzyklanmasyny belläp geçdi. Mundan başga-da, aýdym-saz, tans we teatr toparlarynyň iki paýtagta saparlary mümkinçiligi maslahatlaşyldy.
Iki tarapyň arasynda ýola goýlan gowy gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna itergi bermek üçin 2025-nji ýylda Türkmenistanda Rumyniýanyň Medeniýet günlerini geçirmek we türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Rumyniýada heýkelini gurmak teklip edildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar medeni diplomatiýanyň çalt ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi barada ylalaşdylar.