10.11.2025
Tutuş Türkmenistan boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly ekildi. Bu barada TDH habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir diýlip, habarda bellenilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.