18.12.2025
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, sammitiň Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we birek-birege peýdaly gatnaşyklary has-da berkitmäge mümkinçilik bermegine garaşylýar.
Sammitiň çäginde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň goldawy bilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly Işewürlik forumy geçiriler.
Mundan başga-da, Premýer-ministr Takaiti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär. Bu duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, tehnologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde ýapon kompaniýalary ençeme iri göwrümli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň aprel aýynda hem Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrypdy.