TOP taslamasynyň ýol kartasy türkmen tarapyna iberilmäge taýýar

29.12.2025

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasynyň ýol kartasy doly taýýarlanyldy we ýakyn wagtda türkmen tarapyna iberiler diýip, Owganystanyň energetika kompaniýasynyň Baş direktory Abdul Bari Omar Türkmenistan bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça habar berdi. Bu barada şenbe güni “TOLOnews” habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar TOP taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň umumy barşy we taslama boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Abdul Bari Omar TOPH taslamasynyň tebigy gazyny peýdalanyp, elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnamalar barada maglumat berdi we gaz bahalaryny gutarnykly ylalaşmagyň zerurdygyny belledi.

Owganystanyň energetika kompaniýasynyň Baş direktory şeýle hem türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyga doly taýýardygyny tassyklap, TOP we TOPH taslamalarynyň iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygy hem-de ykdysady bähbitleri üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan" gaz geçiriji taslamasynyň "Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat" gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.