Aşgabatda SPEKA-nyň ykdysady forumy öz işine başlady

21.01.2026

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) ykdysady forumy öz işine başlady. Durnukly ösüşiň bähbidine sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmak meseleleri forumyň gün tertibinde esasy orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna Gutlag hatyny iberdi.

Forumyň açylyşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem SPEKA agza ýurtlaryň: Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň orunbasarlary gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Foruma Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow başlyklyk edýär.

Günüň birinji ýarymynda Hazarüsti sebitinde we onuň çäklerinden daşarda özara energetika baglanyşygy baradaky meselelere serediler. Forumyň günüň ikinji ýarymyndaky bölümi bolsa Ýewraziýa ulag gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulag özara baglanyşygy temasyna bagyşlanar.

Forum öz işini 22-nji ýanwara çenli dowam eder.

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA) 1998-nji ýylyň 26-njy martynda döredildi. Häzirki wagtda Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan SPEKA-nyň agzalary bolup durýarlar.