Türkmenistan bilen Owganystanyň wekiliýeti Hyratda energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdy

02.02.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Hyrat şäherinde Owganystanyň ykdysady meseleler boyunça Premýer-ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar bilen duşuşyp, sebitleýin möhüm taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada “Ariana News” agentli habar berýär.

Owgan tarapy Saud Arabystany Patyşalygynyň “Delta International” kompaniýasynyň taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi barada maglumat berdi. Kompaniýa gazy satyn almaga, Türkmenistanyň iri gaz känlerini ösdürmäge, gaz geçirijini Hindistan bilen serhede çenli uzaltmaga hem-de Pakistanyň Gwadar portunda iri gaz terminalyny gurmaga maýa goýumlaryny gönükdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Wekiliýetler söwdanyň ösdürilmegi, bankara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ykdysady başlangyçlaryň bilelikde dolandyrylmagy boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Tehniki hünärmenler häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýagdaýy barada takyk hasabatlary hödürlediler.

Raşid Meredow Türkmenistanyň Torgundy – Hyrat demir ýol bölegine maýa goýumlaryny gönükdirmäge taýardygyny nygtady we işleriň amaly tapgyrynyň eýýäm başlandygyny aýtdy. Şeýle hem ministr hereket edýän bäş elektrik geçiriji liniýa arkaly elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini belledi.

Gepleşiklere iki ýurduň energetika, ulag, demir ýol we dag-magdan pudaklarynyň ministrleri, döwlet kompaniýalarynyň wekilleri hem-de ýokary wezipeli adamlar gatnaşdylar.

Mundan öň TOPH taslamasynyň Owganystandaky ygtyýarly wekili Bangunj Abdulla Ýof Hyrat welaýatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň 91 kilometrlik böleginde turbalary çekmek üçin taýýarlyk işleriniň tamamlanylandygyny habar beripdi.