Turkmentel 2021

25.11.2021

Noýabr aýynyň 10-11-ne paýtagtymyz Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Geçen ýyl bolşy ýaly, bu çäre üstümizdäki ýylda hem wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn, şeýle-de adaty tertipde geçirilýär.

«Türkmentel» halkara maslahaty ýurdumyzda eýýäm 12 ýyl bäri geçirilip, ýylyň möhüm çäresine öwrüldi. Gysga döwrüň dowamynda bu çäre Türkmenistanyň telekommunikasiýa tehnologiýalary bilen gyzyklanýan raýatlary üçin wajyp waka bolup, sebit we halkara derejesinde geçirilýän esasy sergileriň we maslahatlaryň derejesine ýetdi. Ýurdumyzyň döwrebap tehnologik ösüşini aýdyň görkezýän bu onlaýn maslahatyň baş maksady aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary we teleradiogepleşikleri çygrynda gazanylan üstünlikleri, bu pudaklardaky dünýäniň häzirki zaman gazananlaryny, şeýle-de aragatnaşyk we IT-hyzmatlarynyň geljegi baradaky gözýetimleri halk köpçüligine ýetirmekdir.

Domen adynyň hünärmenleri dünýä derejesinde gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar boýunça uly wise-prezidenti, ICANN-nyň prezidentiniň we baş direktoryň baş geňeşçisi Sally Kosterton (ICANN) we APTLD (Asia Pacific Top Level Domains) baş menedjeri Leonid Todorow.

Sessiýalaryň birini ICANN-yň Gündogar Ewropa we Merkezi Aziýa bilen gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar boýunça uly menejeri Mihail Anisimow hem ýolbaşçylyk etdi.

Çykyşlarynda we prezentasiýalarynda Türkmenistanyň telekommunikasiýa tehnologiýalary pudagynda çalt ösýändigini, bu çäräniň ýokary derejede geçirilýändigini, Türkmenistanyň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem halkara onlaýn ýygnaklarynda domen atlarynyň meýdanynda tejribe alyşmagy bellediler.