ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň Türkmenistana sapary ahalteke bedewlerini synlamakdan başlandy

08.06.2026

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary Sara Rojers resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň maksatnamasynyň ilkinji çäresi ýurduň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerine bagyşlandy. Bu barada duşenbe güni ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Ilçihananyň bellemegine görä, saparyň ahalteke bedewleri bilen tanyşlykdan başlanmagy tötänden däldir. Türkmenistan 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň taryhynda, medeniýetinde we milli gymmatlyklarynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.

Saparyň dowamynda amerikan wekiliýeti ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we olara ideg etmek bilen bagly köp asyrlyk däpler bilen tanyşdy. Dünýäniň iň gadymy atçylyk tohumlarynyň biri hasaplanýan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň milli nyşanlarynyň biri bolup durýar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Источник: business.com.tm