Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze resminamalara gol çekdiler

30.06.2026

Türkmenistanyň wekiliýetiniň önümçilik, bilim, ylym we amalyýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan «Merkezi Aziýa + Hytaý» formatyndaky maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaýyň Urumçy şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe resminama gol çekildi.

Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Hytaýyň Sinzýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen hytaý dilini okatmak babatda çarçuwaly hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty gol çekdiler.

Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdepleri hytaý tarapy bilen bilelikdäki ylmy-barlag we bilim çärelerini guramak, medeni gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem bitewi bilim, medeni we maglumat giňişligini kemala getirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler.