08.04.2024
Daşky gurşawy goramak ministrliginiň dürli gurluş bölümleriniň hünärmenlerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Amyderýa we Syrderýa bilen gönüden göni bagly suw arteriýalarynyň akymynyň ýagdaýy – Merkezi Aziýadaky kriosferanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyk 3-nji we 4-nji aprelde Gazagystanda geçirildi we Almatydaky ÝUNESKO-nyň sebit edarasynyň goldawy bilen başlanan täze bäş taraplaýyn taslama üçin giriş ýygnagy boldy.
Meýilleşdirilýän çäreleriň arasynda howanyň guraklygy şertlerinde gary, buzy we buzluklary (buzly-niwal formasiýalary) öwrenmek, serhetýaka derýalaryň baýlyklarynyň ýagdaýyna täsiri, süýji suwuň «ätiýaçlyklaryna» bilelikde baha bermek meseleleri, şeýle hem sebit üçin bu ugurda çylşyrymly ösüş we durnukly ösüş hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugurlary boýunça usullaryň toplumyny işläp düzmek bar. Hyzmatdaşlyk üçin täze platforma ylmy alyş-çalşy ösdürmek üçin döredildi. Doly surata düşünmek we derýalary iýmitlendirýän kriosferadaky geljekdäki üýtgeşmeleri çaklamak üçin bäş ýurtdan gidrometeorologlar, suw dolandyryjylar, klimatologlar we ekologlar iň soňky maglumatlary öwrenerler, dag ulgamlarynyň buzluklarydyr gar ýapgylaryna gözegçilik ederler.
Geljekde ylmyň şeýle amaly ugry suwy durnukly ulanmagyň we uýgunlaşma strategiýalarynyň toplumyna girizilmelidir. Edilmeli işler dag buzluklaryny gorap saklamak, ylmy gözlegleri, tehnologiki ösüşleri we adaty bilimleri ulanmagy, belli bir durnukly suw tygşytlaýyş tejribesini sebitde synagdan geçirmegi we uýgunlaşdyrmagy öz içine alýar.
Şeýlelikde, taslamanyň taraplary – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri maslahatdan soňky gatnaşyklar üçin esasy gurluş döretdiler.