09.04.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyny şanly ýaş toýy we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu beýik sylagyň Walentina Matwiýenkonyň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmeginiň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandynyň ykrary bolup durýandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistana bolan ýürekden dostlukly we ynamly gatnaşygy üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenka berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri, RF-niň dostlukly halkyna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Russiýa Türkmenistan üçin hemişe ýakyn goňşy, dost we strategik hyzmatdaş ýurt bolmagynda galýar.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglar we iň gowy arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň ähmiýetini belledi hem-de iki döwletiň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny aýtdy.
Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlar boýunça döwletara dialogyny mundan beýläk-de ösdürmeklige aýratyn üns çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda energetika, söwda, ulag we oba hojalygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ösüşe eýe bolýandygy bellenildi.
Medeni-ynsaperwer ulgamda işjeň hyzmatdaşlyk hem-de yzygiderli esasda alnyp barylýan parlamentara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleler boldy.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini artdyrýandygy we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygy nygtaldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň türkmen halkynyň öňden gelýän dosty we Aşgabat şäheriniň hormatly raýatydygyny belläp, Türkmenistana hemişe dostlukly we ynanyşykly gatnaşygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler doly derejeli strategik hyzmatdaşlygyň iki dostlukly ýurduň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirip, birek-birege we iki döwletiň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.