Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

09.04.2024

8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär.

Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hem düýpli çäreler görülýär. Pile öndürmek meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pile öndüriji hojalyklar bilen şertnamalary baglaşmak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegi häkimlere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ilkinji hatarara bejergi işlerine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şunda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri utgaşykly dowam edýär. Pile öndürijiler bilen bellenen tertipde şertnamalary baglaşmak, ýerli howa şertlerine laýyklykda, pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz howanyň maýlamagy bilen baglylykda, öri we ekin meýdanlarynda dürli zyýanly mör-möjekleriň döremeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýat häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde mukaddes Oraza aýynda gapylaryny jemagata giňden açan täze metjitler üçin döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.