Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.04.2024

12-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin amala aşyrylýan çäreler barada hem aýdyldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Sloweniýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti hem-de bu düzümiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine, parlamentara dostluk toparlarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda Mejlisiň deputatlarynyň öz kärdeşleri bilen iki dostlukly döwletiň parlamentleriniň ugurdaş komitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşandyklary, Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň ugry boýunça kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek babatda tejribe alşandyklary bellenildi. Mejlisiň deputatlary durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryny, kabul edilýän hukuk namalarynyň maksatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde, bagtyýar, zähmetsöýer, Watana wepaly nesil kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.

Gaznanyň goldaw bermeginde birnäçe döwletlere ynsanperwerlik kömekleri berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň adyna daşary ýurtlardan, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyndan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Şol hatlarda döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bu düzümiň ähmiýetli orny nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Senagat töleg” ykjam programma üpjünçiliginde ýurdumyzyň raýatlaryna haýyr-sahawat serişdelerini geçirmek üçin nagt däl görnüşinde töleg etmek hyzmatyny girizmek baradaky teklip barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan haýyr-sogaply işlerini aýratyn belledi. Gaznanyň goldawy bilen howandarlyga mätäç çagalara yzygiderli ýardam edilýär. Daşary ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, gaznanyň hasabyna meýletin haýyr-sahawat serişdelerini sanly ulgam arkaly tölemek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudaga halkara tejribeleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna döwlet konserniniň nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hem aýdyldy. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara tejribeleri giňden ornaşdyrmak arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek boýunça işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan çäreler we ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky Kararyna laýyklykda, gowaça ekişi dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak, ekerançylary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja ekinleri bilen doly üpjün etmek ugrunda anyk çäreler görülýär. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara ideg etmek işleri dowam edýär.

Welaýatlarda möwsümleýin işleriň çäklerinde pile öndürmek hem-de owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmegiň möhümdigini aýdyp, ekişde ýokary hilli gowaça tohumlaryny peýdalanyp, döwrebap tehnikalaryň netijeli işledilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmegi, olara talabalaýyk ideg etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini karbamid, fosfor, kaliý dökünleri, ammiak selitrasy bilen üpjün edýär. Mineral dökünleri ammarlarda bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmagyň maksadalaýyk hasaplanýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergilerdir maslahatlar durmuş-ykdysady ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 16 — 19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. Bu iri möçberli sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergileriň, maslahatlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Buharest şäherinde geçiriljek halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, häzirki wagtda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň ylmy ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam edýär. Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki çäginde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy. Gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyndan şunuň ýaly seýrek gurluşyň ýüze çykarylmagy kärizleriň bu gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnendigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem olar barada giňişleýin bellenilýär. Bu ajaýyp eserden ruhlanyp, türkmen hünärmenleri we alymlary degişli işleriň ýazky möwsümine girişdiler.

Soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda çap etmek, geljek nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň alymlarynydyr hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň gadymyýeti”, “Köneürgenjiň arhitektura mirasy”, “Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri”, “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly kitaplar hem-de “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen ylmy neşir çap edildi. Bulardan başga-da, şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestrini kitap görnüşinde çap etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, “Togalak — 1” ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý medeni mirasyny giňişleýin öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň çäklerinde 18-nji maýda geçiriljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň goldawy esasynda bu günki gün türkmen edebiýatynyň täze milli ýoluny esaslandyran, häzirki zaman türkmen edebi diliniň kämilleşmegine önjeýli goşant goşan akyldar şahyryň şygyrlary onlarça ýurtda we dillerde neşir edilip, dünýäniň ylmy-edebi jemgyýetçiligine ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny, Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik dünýäsini halkara giňişlikde wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlary bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň, şeýle hem dünýäniň 34 döwletinden alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlary beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 9-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ykrarnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde-de BMG bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtap, hemmeleri bu şatlykly habar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alnyp, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren “Hazar ekologik başlangyjyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, ilkinji ädim hökmünde aprel aýynyň ikinji ýarymynda BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanda hereket edýän beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi instituty, Ylymlar akademiýasy, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde “tegelek stoluň” başyndaky maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa (CITES) goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Bu resminama dünýäde biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen iň täsirli halkara hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwleti bu Konwensiýanyň agzasydyr. Onuň sanawyna haýwanlaryň we ösümlikleriň 33 müňden gowrak görnüşi girizilip, olaryň ençemesi Türkmenistanda hem ýaýrandyr. Degişli seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň has netijeli goralmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa sebitleýin assosiasiýasyna (EARAZA) Türkmenistanyň agza bolmagy baradaky teklip hödürlenildi. Munuň özi assosiasiýa agza ýurtlaryň haýwanat baglarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem-de bu ugurda işgärleriň iş tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Ýurdumyzda we oňa ýanaşyk zolaklarda biodürlüligi gorap saklamak, hususan-da, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini goramak, halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ekologiýa ministrlikleriniň arasynda Üstýurt platosynyň haýwanat dünýäsini goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) öňüsyrasynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna (COY19) taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatdaky başlangyçlarynyň 2024-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” taýýarlanyldy. Bu resminama daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologik bilimliligi artdyrmak bilen bagly çärelerden hem-de ylmy barlaglardan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda daşky gurşawy goramaga we ekologik abadançylygy üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugrunda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sebit ähmiýetli ulag geçelgelerini ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.