24.04.2024
Rumyniýada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 4-nji mejlisi geçdi. Düzüminde dürli ulag agentlikleriniň we kompaniýalarynyň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Rumyniýada iş saparynda boldy. Toparyň mejlisi Buharest şäherinde we Konstansa portunda geçirildi.
Iş toparyň türkmen tarapyna Guwançmyrat Akmämmedow, rumyn tarapyna bolsa Adrian George Fogiş başlyklyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda “Gara deňiz-Hazar deňzi” halkara ýük ulag geçelgesi boýunça köptaraplaýyn hökümetara ylalaşygy, awtoulag demirýol, deňiz we howa ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem iş toparynyň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri ylalaşyldy.
Taraplar tejribe paýlaşdylar hem-de özleriniň ulag düzümleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem iki ýurduň portlarynyň üsti bilen konteýner we multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek üçin jogapkär utgaşdyryjylar bellenildi.
Iş toparynyň 5-nji mejlisini 2025-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.